Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan Türkmenistan bilen serhetdäki barlag-goýberiş nokadyny döwrebaplaşdyrdy

17:5510.09.2024
0
6447
Gazagystan Türkmenistan bilen serhetdäki barlag-goýberiş nokadyny döwrebaplaşdyrdy
Surat: trans.ru

Gazagystan Türkmenistan bilen serhedindäki barlag-goýberiş nokadyny döwrebaplaşdyrdy. Has takygy, gazak tarapy Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän «Temir baba» barlag-goýberiş nokadynda düýpli durkuny täzeleýiş işlerini geçirdi. Bu barada ýurduň Milli girdejiler komiteti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Gazagystan awtoulaglar arkaly daşalýan ýükleri geçirmäge niýetlenilen 9 sany barlag-goýberiş nokadyny döwrebaplaşdyrdy. Olar «Alakol», «Kaljat», «Maýkapçagaý» we «Bahty» (Hytaý bilen serhetde), «Kaplanbek», «Kazygurt», «Atameken» we «Tajen» (Özbegistan bilen serhetde), şeýle-de «Temir baba» (Türkmenistan bilen serhetde) barlag-goýberiş nokatlarydyr. Geçirilen döwrebaplaşdyryş işlerinden soňra bu barlag-goýberiş nokatlarynyň geçirijilik ukyby alty esse artdyryldy. Şol bir wagtyň özünde, Astanada harytlaryň geçmegine gözegçiligi birleşdirjek esasy dispetçer müdirligi (GDU) esaslandyrylar we bu prosesi awtomatlaşdyrmak üçin täze «Keden» gümrük maglumat ulgamy dörediler.

«Ýurduň üstaşyr geçirijilik ukybyny ösdürmek we goňşy ýurtlar bilen söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen hökümet Hytaý Halk Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkmenistan bilen serhetdäki barlag-goýberiş nokatlaryny doly derejede döwrebaplaşdyrmaga başlady. Döwrebaplaşdyryş işleri häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeýän köne infrastrukturany ýykmak bilen täze barlag-goýberiş nokatlarynyň gurluşygyny öz içine alýar» diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň