Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Moldowa guraklyk sebäpli oba hojalygynda adatdan daşary ýagdaý yglan edip biler

15:3410.09.2024
0
6730
Moldowa guraklyk sebäpli oba hojalygynda adatdan daşary ýagdaý yglan edip biler
Surat: belta.by

Moldowanyň Hökümeti golaýdaky ýygnaklaryň birinde ýurduň oba hojalygynda adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan edip biler. Bu barada wise-premýer, oba hojalyk ministri Wladimir Bolýa Kişinýewde geçen metbugat ýygnagynda habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.

Moldowanyň «Fermerleriň güýji» assosiasiýasy oba hojalyk pudagynda milli derejede adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etmek barada hökümetden iýulda talap edipdi. Hökümet daýhanlara 5,7 mln dollar kömek bölüp bermegi söz berdi.

Moldowanyň Hökümet başlygy Dorin Reçan hem öň daýhanlary goldamak maksady bilen, adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmeginiň zerurdygy barada aýdypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň