Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasy» 17-nji hyzmatdaşlyk forumy ara alnyp maslahatlaşyldy

12:1109.09.2024
0
9589
«Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasy» 17-nji hyzmatdaşlyk forumy ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: avesta.tj

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasy» 17-nji hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýan döwletleriň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda ilki bilen «Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariýatynyň başlygynyň orunbasary Zu Zang Son çykyş etdi.

Duşuşykda wekiller 2024-nji ýylyň 4-5-nji noýabry aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa ─ Koreýa Respublikasy» 17-nji hyzmatdaşlyk forumynda öňe sürüljek teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Esasan, syýahatçylyk, ähmiýetli minerallar, ekologiýa we sanly tehnologiýa ýaly temalary öz içine almagy göz öňünde tutulýan forumyň uly ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy diýlip, habarda bellenilýär.

Duşuşyga gatnaşan gazak, türkmen, gyrgyz, täjik, özbek taraplarynyň wekilleri geljekki çärede maglumat tehnologiýalar, maýa goýum, bilim ulgamlaryny, kiçi hem-de orta telekeçiligi, innowasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýaşyl ykdysadyýet meselesini ara alyp maslahatlaşmagy maksadalaýyk hasaplaýandyklaryny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň