Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylýar

10:3807.09.2024
0
4501

Ozal habar berşimiz ýaly, 6-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada maglumat berdi. Hususan-da, iş toparlarynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, “Awtomobil ulagy hakynda”, “Adalatçy hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda” Kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy. Mejlise taýýarlyk işleri Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde alnyp barylýar. Döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýän umumymilli forumyň taryhy ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, dürli çäreler guralýar, gazet-žurnallaryň sahypalarynda şu mowzuk boýunça makalalar çap edilýär. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Garaşsyzlygyň şanly senesi mynasybetli ýurduň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek boýunça işleriň geçirilýändigi bellenildi.

Şeýle-de milli parlamentiň ýolbaşçysy Kamboja Patyşalygynyň, Mawrikiý Respublikasynyň, Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň kabul edilendigini habar berdi. Mejlisiň deputatlary Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy tarapyndan Türkmenistanyň ugurdaş döwlet düzümleri bilen bilelikde guralan maslahatlara gatnaşdylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyna üns çekildi. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň