«The Daily Telegraph» gazetiniň sargydy boýunça geçirilen pikirsoralyşyk öňdäki noýabrda ABŞ-da geçjek Prezident saýlawlarynda Demokratik partiýadan dalaşgär Kamala Harrisiň ýeňmek ähtimallygynyň ýokarydygyny görkezdi.
Çaklama «ikirjiňlenýän ştatlar» diýlip at berilýän ýerleriň ýaşaýjylarynyň arasynda geçirilen pikirsoraşmanyň netijelerine esaslanýar. Olarda saýlawlaryň netijeleri kä ol, kä beýleki dalaşgäriň peýdasyna bolmak bilen, saýlawçylaryň köp sesini almakda aýgytly orny eýeleýär.
«Redfield & Wilton Strategies» kompaniýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, Harris Pensilwaniýada, Wiskonsinde we Miçiganda ýeňiş gazanyp biler, Ak Tamyň öňki eýesi, Respublikaçylar partiýasyndan dalaşgär Donald Tramp bolsa, Arizonada, Jorjiýada we Demirgazyk Karolinada üstün çykyp biler. Newada ştatynda pikiri soraşylanlaryň sesleri dalaşgärleriň ikisi üçin hem deňme-deň boldy.
Eger galan 43 ştatda ses berlişigiň netijeleri 2020-nji ýyldaky ýaly bolsa, Harris ýeňiş gazanmak üçin gerek bolan saýlawçylaryň sesleriniň 270-sini gazanar, Tramp bolsa diňe 262-sini alar.
«The Daily Telegraph» neşiriniň pikirsoraşmasy Harrisiň ABŞ-nyň indiki Prezidenti boljakdygyny ykrar edýär.
Amerikada Prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçer.
Bu barada TASS ýazýar.