Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalarynyň açylyşyna gatnaşdy

14:4901.09.2024
0
18124

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ata-babalaryň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary – parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň