Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda täze gaz gysyjy desga gurlar

09:3731.08.2024
0
15851

«Türkmengaz» döwlet konsernine Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy awgustda degişli Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminama laýyklykda, bu desga üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlamak we gaz gysyjy desgany 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan desgalaryň taslamalaryny milli maýa goýumlaryň hasabyna ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň