Top.Mail.Ru

Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýrana bardy

12:4528.08.2024
0
12579

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, iki dostlukly we goňşy döwletiň baýdaklary bilen bezelen Tähran şäheriniň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagy ýokary wezipeli resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu ýerde Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gezekki sapary hem-de ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogyny has-da pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň