Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

09:5516.09.2024
0
9117

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.

Gahryman Arkadag iş saparynyň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen hem tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Görkezilen taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň Söwda merkeziniň, özboluşly bezeg aýratynlyklary bolan myhmanhana binasynyň, döwrebap dynç alyş seýilgähiniň, ähli amatlyklary özünde jemleýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şypahananyň, maglumat tehnologiýalarynyň umumybilim berýän merkeziniň, işewürlik merkeziniň, Oba hojalyk uniwersitetiniň şekil taslamalary bar. Şeýle hem bu ýerde Gahryman Arkadagyň garamagyna täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän "Saglyk" seýilgähiniň şekil taslamasy, seýilgähiň we şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän dürli baglaryň, gülleriň, seýilgähde goýulmagy meýilleşdirilýän oturgyçlaryň we germewleriň görnüşleri, elektron enjam arkaly dolandyrylýan mehaniki haly sergileýiş ulgamynyň şekilleri görkezildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Täze şäheriň çäklerinde gurulýan desgalaryň “akylly” şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk derejede bina edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadag medeni-durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlanylanda olaryň keşbinde desgalaryň ähmiýetine laýyk gelýän bezeg serişdeleriniň ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Gahryman Arkadag käbir taslamalaryň täzeden işlenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Aýratyn-da, Oba hojalyk uniwersitetiniň binalarynyň daşky bezeg işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigi, ýokary okuw mekdebiniň okuw otaglarynyň we beýleki desgalarynyň, tejribe-ekerançylyk bölümleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginiň möhüm talapdygy barada aýdyldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň seýilgähiniň çäklerinde we ýol ýakalarynda ekiljek baglaryň, gülleriň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi, olara ýola goýuljak ideg işleri bilen baglanyşykly meseleleriň ylmy esasda öwrenilmelidigini belledi. Şunda germewleriň we beýleki bezeg serişdeleriniň döwrebap derejede bolmagyna zerur üns berilmelidigi aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň