Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Somali Federatiw Respublikasynyň ilçisi işe başlady

09:4028.08.2024
0
6769

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Fathudin Ali Mohamedden ynanç hatyny kabul etdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

Jenap Fathudin Ali Mohamed hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Somaliniň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi, işi bilen tanyşdyryldy.

Jenap Fathudin Ali Mohamed mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Somaliniň doly ygtyýarly wekili bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň