Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgeni Jelilmuhammet Hojamyradow jiu-jitsu boýunça Merkezi Aziýanyň çempiony boldy

16:1718.08.2024
0
11806

Gazagystanyň Şymkent şäherinde jiu-jitsu boýunça geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionaty şu gün tamamlandy. Onda türkmenistanly türgen Jelilmuhammet Hojamyradow çempion bolmagy başardy.

77 kilograma çenli agram derejesinde garşydaşlarynyň hiç birine-de boýun egmedik Jelilmuhammet final tutluşygynda gazagystanly Žarmahan Bakirowy ýeňdi.

Ýaryşa 6 döwletden ― Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Italiýadan we Türkmenistandan 570 türgen gatnaşdy. Merkezi Aziýanyň çempionatyna 26 türgen bilen gatnaşan Türkmenistan 17 medal gazandy. Olaryň 2-si altyn, 8-si kümüş, 7-si bürünç medaldyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň