Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy

14:1917.08.2024
0
6394

16-njy awgustda Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň binasynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, dabara ilçi Ş.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň başlygy A.Nuridinow, medeniýet we sungat işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, sergide türkmen suratkeşleriniň Magtymguly Pyragynyň durmuşyndan wakalaryny we türkmen medeni mirasynyň nyşanlaryny görkezýän 30-dan gowrak eserleri görkezildi. Çäräniň dowamynda serginiň beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň poeziýasyny ýaýbaňlandyrmakdaky wajyp orny bellenildi.

Sergi 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyna çenli dowam eder diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň