Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy MAFA-nyň çempionatyna gatnaşar

15:1216.08.2024
0
6548

15-nji awgustda Duşenbe şäherinde (Täjigistan) 17 ýaşa çenli ýetginjeklerden ybarat ýygyndylaryň arasynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (MAFA) çempionatynyň bijeleri çekildi. Şol bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy öz garşydaşlaryny öwrendi.

Bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň tälimçi Ahmet Allaberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky ýetginjekler ýygyndysy «B» toparçada ýaryşmaly boldy. Bu toparçanyň duşuşyklaryň çäginde ýetginjekler ýygyndymyz 17-nji awgustda Özbegistanyň, 19-njy awgustda bolsa Eýranyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.

Ýaryşyň «A» toparçasyny Owganystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýetginjekler ýygyndylary emele getirýär.

MAFA-nyň çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry bir aýlawdan ybarat bolar. Şol duşuşyklaryň netijesinde toparçalarda birinji orunlary eýelän ýygyndylar final duşuşygyna gatnaşar, ikinji orunlary eýelänler bolsa umumy ýaryşyň üçünji orny üçin göreşerler. Şeýle hem ýaryşyň dowamynda bäşinji-altynjy orunlary kesgitleýän duşuşyk hem geçiriler. Çempionatyň duşuşyklarynyň ählisini Duşenbe şäherindäki Merkezi respublikan stadionynda geçiriler.

Ýetginjekleriň (U-17) arasyndaky MAFA-nyň çempionaty

«A» toparça

  • Täjigistan
    Owganystan
    Gyrgyzystan

«B» toparça

  • Özbegistan
    Eýran
    Türkmenistan.

1-nji tapgyr
17-nji awgust (şenbe)
18:30 – Türkmenistan – Özbegistan
21:30 – Gyrgyzystan – Täjigistan

2-nji tapgyr
19-njy awgust (duşenbe)
18:30 – Owganystan – Gyrgyzystan
21:30 – Eýran – Türkmenistan

3-nji tapgyr
21-nji awgust (çarşenbe)
18:30 – Özbegistan – Eýran
21:30 – Täjigistan – Owganystan

23-nji awgust (anna)
18:00 – 5-6-njy orun ugrundaky duşuşyklar
21:30 – 3-nji orun ugrundaky duşuşyk.

Final
24-nji awgust (şenbe)
Başlanýan wagty ― 20:00.
«A» toparçanyň birinji ornunyň eýesi ― «B» toparçanyň birinji ornunyň eýesi
Duşenbe şäheri, Merkezi respublikan stadiony.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň