Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Anamjan Rustamowa dünýä çempionatynda kiçi bürünç medala mynasyp boldy

10:1326.09.2024
0
5684

Türkmenistanly türgen Anamjan Rustamowa Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda silterläp götermekde kiçi bürünç medala mynasyp boldy. Ol 81 kilograma çenli agram derejede ýaryşa gatnaşyp, silterläp götermekde 103 ilogram netije görkezdi hem-de üçünji orny eýeledi.

Anamjan Rustamowa iki görnüşiň jemi boýunça 230 kilogramlyk netije bilen dördünji orundan ýer aldy. Itekläp götermekde bolsa ol 127 kilogramlyk daşy galdyryp, bäşinji ýeri eýeledi.

Bu agram derejesinde birinji ýer 233 kilogram (100+133) netije görkezen ermenistanly Emma Pogosýana, ikinji orun bolsa ondan bir kilogram (104+128) yzda galan meksikaly Wanesse Ernandese nesip etdi. Hormat münberiniň üçünji basgançagyndan iki görnüşiň jemi boýunça 231 kilogram (104+127) netije gazanan eýranly Ýekta Jamali ýer aldy.

Ýeri gelende bellesek, dünýä çempionatyna 67 ýurtdan 350-den gowrak türgen gatnaşýar. Turnirde Türkmenistana Anamjan Rustamowa bilen bilelikde Şahzadbek Matýakubow wekilçilik edýär. Ol şu gün 102 kilograma çenli agram derejede öz güýjüni synar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň