Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy

09:3216.08.2024
0
5760
Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: mfa.gov.af

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow we «TAPI Pipeline Company Limited»-niň baş müdiri Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki bilen duşuşdy.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň Owganystandaky böleginiň dowam etdirilmegine taýýarlyk bilen baglanyşykly soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary işler ministri Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň öz ýurdy üçin ileri tutulýan ugurlardan biridigini we degişli owgan bölümleriniň taslama boýunça işlerini tamamlandygyny aýtdy. Mottaki Owganystandaky TOPH taslamasy boýunça amaly işleriň ýakyn wagtda başlajakdygyna umyt bildirdi.

Türkmen tarapy hem öz serhedinden owgan turbageçirijisiniň gurluşygyna başlamaga taýýardygyny tassyklady we bu işiň ýakyn wagtda başlamagyna garaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň