Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mekdep okuwçysynyň torbasynyň agramy nähili bolmaly

11:2315.08.2024
0
10286

Mekdep torbasy — her bir okuwçynyň möhüm okuw esbaby. Şeýle-de bolsa, torba köp zatlary ýerleşdirip, çaganyň arkasyna aşa köp agram salmagyň okuwçynyň saglygyna zyýan getirip biljekdigi barada hemmeler oýlamaýar. Şonuň üçinem çaganyň özüne laýyk gelýän mekdep torbasyny saýlamak örän möhümdir.

«Rospotrebnadzor» gullugynyň neşir edilen kadaly ülňülerine laýyklykda, okuw kitaplary we mekdep esbaplary salnan mekdep torbasynyň umumy agramy okuwçynyň öz agramynyň 10 göteriminden agyr bolmaly däldir. Şol bir wagtyň özünde, içinde zat bolmadyk torbanyň özi başlangyç synp okuwçylary üçin 700 gramdan, orta we ýokary synp mekdep okuwçylary üçin 1 kg-dan agyr bolmaly däldir.

Mekdep torbasyndaky kitaplaryň we depderleriň umumy agramy şulardan ýokary bolmaly däldir:

1-2-nji synplar üçin — 1,5 kg

3-4-nji synplar üçin — 2 kg

5-6 -njy synplar üçin — 2,5 kg

7-8-nji synplar üçin — 3,5 kg

Ýokary synp okuwçylar üçin — 4 kg

Günüň garaňky gatlyşyp ugran mahallary okuwçylaryň howpsuzlygy üçin mekdep torbasynda ýaldyrawuk öwüşgin berýän zolaklaryň bolmagynyň göwnejaýdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň