Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň uzyn rallisynyň gatnaşyjylary Aşgabada geldiler

16:5813.08.2024
0
11338

Dünýäniň iň uzyn rallisi hasaplanýan üçünji "İpek Yolu Rally" onlarça gatnaşyjysy Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. 4-nji awgustda Stambulda başlan bu halkara ýaryş Türkiýäniň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň we Moldowanyň sürüjilerini birleşdirdi.

Bu ralli ýaryşyny Ýewropa Bileleşiginiň we Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen "Gündogar - Günbatar Dostluk we Parahatçylyk" ralli assosiasiýasy guraýar. Ýol sekiz ýurtdan geçip onuň indiki duralgasy - Azerbaýjan, soňra Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan we Hytaý.

Asosiasiýanyň prezidenti Nadir Serin ýaryşa ýedi ýurtdan 30 awtoulag sürüjiniň gatnaşýandygyny habar berdi. Ralli Stambulyň Sultanahmet meýdançasynda badalga aldy we 28-nji awgustda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Aşgabatda ralli gatnaşyjylary Türkiýäniň ilçihanasynyň resmi rezidensiýasynda kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň