Top.Mail.Ru

Gazagystan we Özbegistan hyzmatdaşlyk barada 10 ýyllyk maksatnamany tassykladylar

17:1409.08.2024
0
6438
Gazagystan we Özbegistan hyzmatdaşlyk barada 10 ýyllyk maksatnamany tassykladylar
MIR 24

Gazagystan we Özbegistan hyzmatdaşlyk barada 10 ýyllyk maksatnamany tassykladylar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň we Özbegistanyň birinji Ýokary döwletara geňeşiniň ýygnagynda resminamanyň döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, suw hojalyk we energetika, medeni-gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary barada pikir alyşdylar.

Gazagystanda döwlet sapary bilen bolýan Şawkat Mirziýoýew öz saparynyň özara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň