Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy türkmen işewürler wekiliýetiniň hormatyna dabara gurady

09:2005.08.2024
0
9498

Pakistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy «Food AG 2024» sergisine gatnaşjak Türkmenistanyň işewürler wekiliýetiniň hormatyna kabul edişlik gurady. Bu barada newscentralasia.net ýazýar.

Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi K.K.Ahsan Waghan öz çykyşynda iki ýurduň azyk we oba hojalygynyň sazlaşyklydygyny aýtdy. Ilçi türkmen telekeçilerine serginiň hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açjakdygyna umyt bildirdi.

«Food AG 2024» — 9-njy awgustdan 11-nji awgust aralygynda Karaçi sergi merkezinde geçirilýän Halkara azyk we oba hojalygy sergisidir.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, sergi «Durnukly geljegi döretmek» mowzugyna bagyşlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň