Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary Türkmenistandaky CNPC bölüminde işlemäge çagyrylýar

11:0701.08.2024
1
15892

2024-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerini gutaranlar Türkmenistanda CNPC-iň garamagyndaky Çuangçing buraw inžrnerçilik kompaniýasynyň çäklendirilen bölüminde işlemäge çagyrylýar.

Dalaşgärler hytaý, türkmen we rus dillerini bilýän bolmaly, şunda iňlis dili hem göz öňünde tutular.

«Нейтральный Туркменистан» gazetinde berilýän habara görä, talaplara laýyk gelmeýän dalaşgärler hasaba alynmaz.

Arzalar 31-nji awgusta çenli şu salga iberilmelidir: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/3, «B» binasy, 4-nji gat, işgärler bölümi ýa-da e-poçta salgysy: batyr141164@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň