23 — 25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2024» 29-njy halkara maslahaty geçiriler. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraljak forum bu ýyl energetika pudagynda meşhur kompaniýalaryň we şahsyýetleriň ençemesini bir ýere jemlär. Hususan-da, halkara maslahatyň umumy mejlisinde dünýä ykdysadyýeti we nebit-gaz senagaty barada köpsanly bestsellerleriň awtory, «Pulitser» baýragynyň eýesi Deniýel Ýergin hem çykyş eder. Bu barada «nCa» internet neşiri habar berdi.
Deniýel Ýerginiň çykyş etjek umumy mejlisiniň dowamynda dünýäniň energetika bazaryndaky täze tendensiýalar we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlar beýan ediler. Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge, adaty energetika bazarlaryny häzirki zaman kynçylyklaryna we global üýtgeşmelere uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen iň täze strategiýalar barada maglumat alarlar.
Deniýel Ýerginiň oňa gatnaşmagy bu forumyň dünýäniň energetika bazaryndaky öňdebaryjy hünärmenleriň hem-de kompaniýalaryň arasynda bilim we tejribe alyşmak üçin möhüm platforma bolup durýandygyny aňladýar. Dünýäniň energetika bazaryndaky tendensiýalaryň we ýagdaýlaryň çalt üýtgeýän şertlerinde Deniýel Ýerginiň düşünjeleri we seljermeleri gatnaşyjylara halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de berkitmek üçin gymmatly bilimleri berer.
Ýeri gelende bellesek, Deniýel Ýergin 1992-nji ýylda «Baýlyk: Nebit, pul we hökmürowanlyk ugrundaky göreşiň dünýä taryhy» atly kitaby üçin «Iň gowy ykdysady kitap» ugry boýunça «Pulitser» baýragyna mynasyp boldy. Şeýle-de bu kitabyň esasynda adybir dokumental film (The Prize: The Epic Quest for Oil, Money & Power) hem döredilip, ol 20 milliondan gowrak tomaşaçy tarapyndan görüldi.
D.Ýergin 1997-nji ýylda energetika pudagynda gazanan üstünlikleri we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrandygy üçin, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň baýragy bilen hem sylaglanyldy.