Soňky habarlar

Arhiw

Gazak bugdaýy Türkmenistanyň çägi arkaly Owganystana we Pakistana eksport ediler

10:0825.07.2024
0
3967
Gazak  bugdaýy Türkmenistanyň çägi arkaly Owganystana we Pakistana eksport ediler
Surat: iklimhaber.org

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Jumangarin Türkmenistanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri bilen bilelikde Beýneu galla terminalyna aýlanyp gördi. Saparyň dowamynda bu galla terminalynyň mümkinçilikleri bilen tanşyldy hem-de onuň taýýarlaýan bugdaýyny Türkmenistanyň çägi arkaly üçünji ýurtlara eksport etmek barada pikir alyşmalar boldy. Bu barada «Tengrinews» habar berýär.

Galla terminaly bilen tanyşlykdan soňra owgan wekiliýeti Gazagystanyň Azyk korporasiýasynyň hem-de Beýneu galla terminalynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Gepleşiklerde taraplar terminal arkaly Owganystana galla üpjünçiliginiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşmäniň habar bermegine görä, serhetýaka sebitlerde goşmaça ammarlaryň gurulmagy we Türkmenistanyň çägi arkaly logistikanyň üpjün edilmegi bilen Beýneu galla terminalyndan Owganystana we Pakistana gazak bugdaýyny ibermek göz öňünde tutulýar. Gazak gallasyny eksport etmek üçin täze ugry döretmegiň jikme-jiklikleri taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynda has içgin ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýeri gelende bellesek, umumy tutýan meýdany 26 gektara barabar bolan Beýneu galla terminaly Mangystau sebitiniň çäginde ýerleşýär. Galla terminaly ýükleri Gazagystan-Türkmenistan serhedine ugrtmak üçin örän amatly şertlere eýe. Terminalyň kuwwaty bir wagtyň özünde 100 müň tonna galla saklamaga mümkinçilik berýär. Galla terminaly günde 500 wagona çenli däne kabul edýär hem-de gaplanan görnüşde we däne daşaýjylarda ýylda 2 million tonna däne iberýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň