Top.Mail.Ru

20-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:0920.07.2024
0
9094

Aşgabatda jemagat hyzmatlarynyň sanly ulgamy ornaşdyrylýar, 1-nji awgustdan Türkmenistanda mekdep bazarlary açylar, Russiýanyň ilçisi Türkmenistanda alyp barýan işleri barada gürrüň berdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy we döwlet syýasatynyň dürli ugurlary boýunça möhüm çözgütler kabul edildi.

2. Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow Aşgabatda jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin «Merkezi elektron ulgam» taslamasynyň ornaşdyrylandygy barada hasabat berdi. Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan işlenip taýýarlanan bu taslama paýtagtyň jemagat hyzmatlary pudagyny sanlylaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu başlangyjyň ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň we raýatlaryň, şeýle hem hödürlenýän hyzmatlaryň elektron görnüşinde hasabatyny ýöretmäge mümkinçilik berýän birnäçe programmalar işe girizildi.

3. Türkmenistanyň Hökümeti şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, 5-nji sentýabryna çenli mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramagy meýilleşdirýär. Sanly söwdany ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Söwda merkezleriniň, dokma dükanlarynyň we hususy öndürijileriň elektron ulgamlary arkaly mekdep harytlaryny eltip bermek meýilleşdirilýär. Mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy welaýat we etrap merkezlerinde, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde guralar.

4. 4-5-nji noýabrda Türkenistanda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal geçiriler. Festiwalyň çäklerinde türki döwletleriň kinematografiýa ulgamynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek, Aşgabadyň kinoteatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişini guramak, daşary ýurtly meşhur artistler, režissýorlar bilen ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

5. Türkmenistan baý medeniýete, özboluşly binagärlige we halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçiliklere eýe batly depginler bilen ösýän ýurt hökmünde tanalýar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin «Sputnik» radioýaýlymynyň «Persona grata» gepleşiginde gürrüň berdi. Diplomat gepleşikde Türkmenistanyň dürli ugurlarda örän çalt depginde ösüşi baradaky şahsy pikirlerini paýlaşdy. Iwan Wolynkin Türkmenistandaky diplomatik durmuşy baý we gyzykly diýip häsiýetlendirdi.

6. Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu çäre «Demirgazyk – Günorta» ugry boýunça Birinji söwda-logistika forumynyň çäklerinde geçirildi. Taraplar Pakistana çykman mümkinçiligi bilen Gazagystan – Türkmenistan – Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Beýan edilen çaklamalara görä, başlangyç tapgyrda ýük daşamagyň mukdary 5 – 8 million tonna deň bolup, uzakmöhletleýin geljekde 20 – 30 million tonna çenli ýetip biler.

Dünýäde

7. Bilermenler «Microsoft-yň» işinde ýüze çykan näsazlyk sebäpli global kesilmeden çeken zyýany milliardlarça dollar diýip çaklaýarlar. Bu wakanyň netijeleri Awstraliýadan we Aziýadan ABŞ-a we Ýewropa çenli sebitlere täsir edip, «diýseň giň gerimli» boldy. Awiasiýa pudagy iň agyr ýitgi çekdi. Dürli ýurtlarda müňlerçe uçuş ýatyryldy we Amerikanyň esasy awiakompaniýalary işini togtatdy. Dünýädäki howa menzillerinde uzyn nobatlar emele geldi, uçuşlara hasaba almak we töleg ulgamlarynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykdy.

8. Hytaýda 24 ýaşly fud-bloger Pan Sýaotin onlaýn ýaýlymda çykyş edýärkä aradan çykdy. Bloger her gün köp sanly göni ýaýlym gurap, ägirt uly mukdarda azyk önümlerini iýişini görkezýärdi. Onuň strim wideolary 10 sagatdan hem uzak dowam edýärdi, şol wagtyň dowamynda ol 10 kg-dan gowrak dürli naharlary iýip bilýärdi.

Sport habarlary

9. 22-nji iýulda Aşgabatda Parižde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy geçiriler. Türkmenistan sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, ýeňil atletika we suwda ýüzmek boýunça çykyş eder. Ugratmak dabarasy Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň «Sport» myhmanhanasynda bolar. Pariždäki Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly – 11-nji awgusty aralygynda geçiriler.

10. «Milan» futbol kluby ispaniýaly hüjümçi Alwaro Morata bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. 30 ýaşly futbolçy bilen şertnama ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir. Moratanyň täze klubdaky zähmet haky bir möwsüm üçin 5 million ýewro bolar. Ispaniýaly hüjümçiniň transferi üçin «Milan» «Atletiko» 13 million ýewro tölär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň