Top.Mail.Ru

Türkmen talyplary Rumyniýada önümçilik tejribeligini geçýärler

12:5018.07.2024
0
6076

Şu günler Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarydyr talyplary Rumyniýanyň Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň, «Tenaris», «Bosch» hem-de «Emerson-Cluj» halkara kompaniýalarynyň okuw-önümçilik tejribehanalarynda önümçilik tejribeligini geçýärler. Onuň maksady telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy halkara tejribäni ýaş hünärmenler bilen paýlaşmakdan, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýokary okuw mekdebi Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersiteti bilen 2019-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Uniwersitet dünýä belli «Tenaris», «Bosch», «Emerson-Cluj» kompaniýalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, talyp ýaşlary olaryň önümçilik tejribesi bilen tanyşdyrýar.

Önümçilik tejribeliginiň meýilnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjylar ady agzalan kompaniýalaryň myhmany bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Mugallymlar we talyplar önümçilik tejribeliginiň üsti bilen programmalaşdyrma serişdelerini, telekommunikasiýa torlaryny we sanly geçiriş ulgamlaryny gurnamagyň ýörelgeleri, hyzmatlary hödürlemegiň aýratynlyklary, bu babatda ulanylýan tehnologiýalar, kompýuter programmalary babatdaky bilimlerini baýlaşdyrýarlar.

Okuw saparynyň çäklerinde Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň önümçilik tejribehanalaryna, institutlaryna guralan gezelençler olarda ýakymly täsir galdyrdy. Türkmenistanly ýaşlar hem, öz gezeginde, nazary bilimlerini, tejribelerini ýerli wekiller bilen paýlaşdylar.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti «Tenaris», «Bosch» we «Emerson-Cluj» kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynda hyzmatdaş tarapyň hünärmenlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplaryny sowgat hökmünde berdiler. Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň iňlis dilindäki goşgular ýygyndysy bolsa rumyn hünärmenleri tarapyndan türkmen wekiliýetine berlen ajaýyp sowgat boldy.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarydyr talyplarynyň Rumyniýada geçýän önümçilik tejribeligi üç hepde dowam eder diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň