Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty Kataryň Söwda-senagat edarasynyň baş direktory bilen duşuşdy

11:3512.07.2024
0
7745

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Söwda-senagat edarasynyň baş direktory Aly Said Bu Şarbak Al-Mansuri bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini, şeýle-de azyk senagaty, oba hojalygy we gurluşyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen diplomaty iki ýurduň telekeçileriniň arasynda gönüden-göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň, şeýle hem Türkmen-katar işewürler geňeşiniň ilkinji mejlisiniň geçirilmeginiň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň giňelmegine güýçli itergi berjekdigini nygtady.

Mundan başga-da, ilçisi M.Seýitmämmedow duşuşmaga wagt tapandygy üçin Kataryň Söwda-senagat edarasynyň baş direktoryna minnetdarlyk bildirdi hem-de iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň