Soňky habarlar

Arhiw

Walentina Meredowa Olimpiýa oýunlarynyň ýeňil atletika ýaryşlaryna gatnaşar

10:4112.07.2024
0
8285

Türkmenistanyň birnäçe rekordynyň eýesi Walentina Meredowa Pariž ― 2024 Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlarda ýurda wekilçilik eder. Ol 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşar.

39 ýaşly türgeniň soňky ýyllarda halkara derejeli ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanyp gelýändigini aýratyn nygtamak gerek. Ol şu ýylyň başynda Tähranda geçriilen Aziýanyň ýeňil atletika çempionatynda 60 metr aralygy 7,44 sekuntda geçip, milli rekordy täzeledi.

Parižkäki Olimpiada Walentina Meredowanyň gatnaşjak ikinji Olimpiýa oýunlary bolar. Ol 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Oýunlara hem gatnaşypdy. Tejribeli türgen Oýunlara Baýmyrat Aşyrmyradowyň tälim bermeginde taýýarlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň