Turkmenportal logo
13.11.24
1462514625
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Baidu» kompaniýasy 2025-nji ýylda «akylly» äýnekleri satuwa çykarmakçy
Surat: 3dnews.ru

Hytaýdaky «Baidu» internet-läheňi emeli aň ornaşdyrylan «akylly» äýnekleri bilen tanyşdyrdy. Bu barada «Financial Times» gazetine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berýär.


Täze önüm şahsy kömekçi hökmünde ulanylyp bilner diýip, «Xiaodu» golçur elektronika brendiniň başlygy Li In Şanhaýda geçen tanyşdyrylyş dabarasynda aýtdy.


Täze äýnekler kaloriýa sarp edilişine gözegçilik etmäge, daşky ýagdaý barada sowal bermäge, saz diňlemäge we wideoşekilleri surata almaga mümkinçilik berýär. Onuň satuwlary geljek ýylda başlanar.


«Xiaodu» kompaniýasy öň «Ernie Bot» emeli aňyny dürli önümlerine utgaşdyrmagy başardy, olaryň arasynda gartaşan dogan-garyndaşlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin wirtual panel bolup, onuň kömegi arkaly «emeli aň» -lukmanlar bilen habarlaşyp, derman içmegiň wagtyny ýatladyp bolýar.