Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan hem-de Oman Aşgabat ylalaşygy boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň tarapdary

13:0208.07.2024
0
5769
Özbegistan hem-de Oman Aşgabat ylalaşygy boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň tarapdary
Surat: uzdaily.uz

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow Oman Soltanlygynyň ulag ministriniň birinji orunbasary Hamis bin Muhammad al-Şamahiý bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada «Uzdaily» habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ulag geçelgesini ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. Hususan-da, Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjylaryň hemmesi bilen bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyldy.

Ýeri gelende bellesek, «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ulag geçelgesini döretmek hakdaky Ylalaşyk 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde öz güýjüne girip, ol Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň arasynda harytlaryň daşalmagyny aňsatlaşdyrýan halkara ulag-üstaşyr geçelgesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň