Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan Concept-den» fitodiwarlar: bir çözgütde estetika we ulanyş mümkinçiligi

11:3005.07.2024
0
9274

Şäher durmuşynyň bizi tebigatdan has daşlaşdyrýan dünýäsinde «Bossan Concept» kompaniýasy islendik giňişlikde ýaşyl gurşaw döretmek üçin çözgüt hödürleýär. Dükan emeli ösümlikleri we durnuklaşdyrylan mohlary ulanyp fitodiwar ýasamaklyga ýöriteleşendir. Bu dik ýaşyl gurluşlar içki otaglary we açyk giňişlikleri, şol sanda eýwanlary we balkonlary bezemek üçin niýetlenendir.

Döwrebap dizaýnyň ugry bolan fitodiwarlar islendik interýere ýa-da eksterýere uýgunlaşdyrylyp bilinýän ösümlikleriň dik kompozisiýalarydyr. «Bossan Concept» müşderileriň isleglerini we giňişligiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, fitodiwarlary döretmäge aýratyn çemeleşmäni hödürleýär.

«Bossan Concept-iň» fitodiwarlarynyň esasy artykmaçlyklarynyň biri hem olaryň ulanyş mümkinçiligidir. Olar diňe bir rahat gurşaw döredýän bezeg önümi hökmünde hyzmat etmän, eýsem, giňişligi zolaklara bölmek üçin hem ulanylyp bilner. Ýeňil agramy esasynda fitodiwarlary hatda gipsokarton diwarlara hem gurnap bolýar.

Kompaniýanyň wekilleri fitodiwarlara ideg etmegiň az zähmet talap edýändigini hem-de yzygiderli tozany arassalamak we çygly süpürgiç bilen süpürmek bilen çäklenýändigini bellediler. Dogry çemeleşilende şeýle gurluşyň hyzmat möhleti 10 ýyla ýetip biler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Mollanepes köç., 27, «Dürdäneli» söwda merkezi (15-nji tapgyr);
  • Magtymguly şaýoly, «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi, birinji gat, dükan № P-16;
  • telefonlar: 41 55 54, 72 60 60;
  • sosial ulgamlardaky sahypasy: Bossan Concept, Bossan Flora, Bossan Outdoor, Bossan Coffee Garden.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň