Soňky habarlar

Arhiw

«Göreldeli» çagalary we ýetginjekleri robototehnika we programmirleme boýunça tölegsiz synag sapaklaryna çagyrýar

12:5203.07.2024
0
19293

«Göreldeli» bilim merkezi 7-nji iýulda robototehnika we IT-programmirleme boýunça tölegsiz synag edip görmek sapaklaryny geçirýändigini habar berýär. Bu çäre 5 — 18 ýaş aralygyndaky çagalara hem-de ýetginjeklere niýetlenendir. Robototehnika boýunça sapaklar ROBBO franşizasy boýunça geçiriler.

5 ýaşdan 12 ýaşa çenli çagalar robototehnikanyň we shemotehnikanyň esaslary bilen tanşyp bilerler.

13 — 18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin bolsa öz oýunlaryny ýa-da web sahypalaryny döretmäge mümkinçilik berjek IT-programmirleme boýunça sapaklar geçiriler.

Synag sapaklary ýekşenbe gününe, ýagny 7-nji iýula meýilleşdirildi:

• 13:00-13:45
• 14:00-14:45
• 15:00-15:45
• 16:00-16:45
• 17:00-17:45
• 18:00-18:45

Bilim merkezi ýerleriň sanynyň çäklidigini we sapaklara diňe deslapdan ýazylyp gatnaşyp bolýandygyny ýatladýar.

Sapaklara ýazylmak we goşmaça maglumat almak isleýänler «Göreldeli» bilim merkezine şu aşakdaky telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilerler:

• (+993 71) 14 17 80
• (+993 71) 14 17 81
• (+993 71) 14 17 82
• (+993 12) 48 61 20
• (+993 12) 48 61 43
• (+993 12) 48 61 45

Bu çäre çagalara we ýetginjeklere häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyşmaga hem-de robototehnika we programmirleme dünýäsinde ilkinji ädimlerini ätmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň