Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ilatly» restorany menýusyny täzeledi

14:1704.07.2024
0
12618

«Ilatly» italýan restorany menýusyny täzeledi. Restoran häzirki zaman gastronomiki meýillerine laýyk gelýän birnäçe täze naharlary we içgileri goşmak bilen, hödürleýän tagamlarynyň gerimini giňeltdi.

Täze naharlaryň arasynda restoranyň müşderileriniň isleglerine laýyk getirilen Gawaýiniň meşhur boul-poke tagamynyň üç görnüşi aýratyn üns çekýär. Indi «Ilatlynyň» myhmanlary towukly, krewetkaly ýa-da lososly boul-pokeden lezzet alyp bilerler.

Mundan başga-da, restoran içgiler menýusyny iki sany serginlediji görnüşi goşmak bilen giňeltdi. Birinjisi – ysmanakdan we ananasdan taýýarlanan smuzi, ol sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin ajaýyp saýlaw bolar. Ikinji täze içgi bolsa adaty babl gam tagamly limonaddyr, ol adaty bolmadyk tagam utgaşmalaryny halaýanlaryň ünsüni özüne çeker.

«Ilatly» müşderilerine diňe bir adaty italýan tagamlaryny däl, eýsem, häzirki zaman meşhur aşpezlik eserlerini hem hödürläp, döwür bilen aýakdaş barýar.

«Ilatly» restoranyna şu salgy boýunça baryp bilersiňiz: Änew, Gurbansoltan köçesi.

Telefon (+993 65) 65 01 41. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň