Top.Mail.Ru

«Balkanabat» ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durky täzelener

09:3706.07.2024
0
5224
«Balkanabat» ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durky täzelener
Surat: newscentralasia.net

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan içerki sarp edijileri himiýa önümleri, hususan-da, himiýa we nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde ulanylýan suwuk hlor bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly 5-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň ýurduň himiýa senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we düzümini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, suwuk hlory bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak maksady bilen, «Balkanabat» ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň içerki sarp edijilerini himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrebap guramaga möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň Jebel ýük saklanýan bölüminiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň