Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2025-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçiriler

08:5206.07.2024
0
8245

Indiki ýyl Türkmenistanda Medeniýet hepdeligini 22 --- 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda geçirmek bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün --- 5-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany Hökümet mejlisinde Medeniýet hepdeligini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, «Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda» Karara gol çekip, resminamany wise-premýer M.Mämmedowa sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine hem-de Ahal welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Belläp geçsek, şu ýyl Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi ilkinji gezek Arkadag şäherinde guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň