Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Finlýandiýada birnäçe duşuşyklary geçirdiler

20:3007.09.2024
0
2930
Türkmenistanyň wekiliýeti Finlýandiýada birnäçe duşuşyklary geçirdiler
Surat: mfa.gov.tm

Helsinki şäheriniň «EastCham Finland» binasynda «Finnish Water Forum», «Watermaster», «Wärtsilä», «Agronic Oy», «Reorbit», Fin Meteorologiýa instituty ýaly öňdebaryjy maliýe kompaniýalarynyň gatnaşmagynda «tegelek stol» geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 5-nji sentýabrda bolan çärede türkmen tarapyna daşary işler ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa, fin tarapyna «EastCham Finland» kompaniýasynyň baş direktory hanym Ýaana Rekolainen ýolbaşçylyk etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýeti fin kompaniýalary bilen alnyp barylýan üstünlikli hyzmatdaşlygy belläp geçdi. Şeýle hem energetika, logistika, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, senagat, innowasion tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, saglygy goraýyş hem-de lukmançylyk pudagy, akylly şäherler, meteorologiýa, bilim ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.
Şu nukdaýnazardan, türkmen wekiliýeti Finlýandiýanyň işewür toparlaryny dürli ugurlar boýunça Türkmenistanda geçirilýän sergilere we ýarmarkalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmen wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlyk mehanizmleri barada durup geçip, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, işewür toparlaryň özara saparlaryny guramagy we Türkmen-fin işewürlik geňeşini döretmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.
Öz gezeginde fin tarapy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdi.
6-njy sentýabrda Finlýandiýanyň DIM-niň binasynda türkmen-fin syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Duşuşygyň başynda türkmen wekiliýeti Finlýandiýanyň DIM-niň daşary syýasat we howpsuzlyk syýasaty boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary hanym Outi Holopaýnen bilen duşuşdy.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygy beýan etdiler.
Finlýandiýanyň DIM-niň Aziýa we Okeaniýa boýunça departamentiniň Baş direktory jenap Ýari Sinkari bilen Daşary işler ministrlikleriň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda häzirki zaman gün tertibi, şeýle hem BMG, ÝHHG we ÝB ýaly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmadaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeniýet we bilim pudaklarynda gatnaşyklary ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglylykda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda geçirmegiň hukuk binýadyny emele getirmek babatynda ylalaşdylar.
Şol gün Finlýandiýa Respublikasynyň Parlamentinde (Eduskunta) Türkmenistan bilen dostluk toparynyň başlygy jenap Wille Skinnari we toparyň agzalary, ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň ýanyndaky Finlýandiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Wille Kaunisto bilen aýratyn duşuşyklar geçirildi.
Dostluk topary bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar parlamentara dialogy ýola goýmak, özara saparlary guramak we kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Finlýandiýanyň ÝHHG-niň PA-nyň ýanyndaky wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda fin tarapy 2025-nji ýylda ÝHHG-de başlyklygynyň esasy ugurlary bilen türkmen wekiliýetini tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda taraplar guramanyň çäklerinde parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny beýan etdiler.
Saparyň dowamynda Finlýandiýanyň hyzmatdaşlygy we daşary söwdany ösdürmek boýunça ministri jenap Wille Tawio bilen gysga wagtlaýyn duşuşyk geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň