Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» geljekki ýaş çatynjalary toý tortuny sargyt etmäge çagyrýar

11:0207.09.2024
0
7958

«Zyýat Hil» konditer önümleriniň dükanlar tory güýz möwsüminde bellenilýän durmuş toýlarynyň tortlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlandygyny habar berýär. «Zyýat Hil» geljekki ýaş çatynjalary toý dabara stolunyň esasy bezegi bolan bu süýjülik barada öňünden aladalanmaga çagyrýar.

«Zyýat Hiliň» wekilleri toý tortuny öňünden sargyt edip goýmagyň müşderilere süýjüligiň ähli özboluşly aýratynlyklaryny konditerler bilen howlukmazdan ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini belleýärler. Bu tortuň dizaýny barada pikirlenmäge, ýaş çatynjanyň ähli isleglerini göz öňünde tutmaga we özboluşly konditer önümini döretmäge ajaýyp şertdir.

«Bosagadaky güýzde toý etmegi meýilleşdirýän ýaşlary häzirden öz isleglerine laýyk gelýän torty sargyt etmäge çagyrýarys. Bu toý dabarasynyň öň ýanynda, toýuň ýakynlan günlerinde toý torty barada aladalanmagy aradan aýryp, tortuň arzuwyňyzdaky ýaly ajaýyp bolmagy üçinem möhümdir» diýip kärhananyň wekili pikirini paýlaşýar.

«Zyýat Hil» toý tortlarynyň dürli hili tagamly, göwrümli hem-de stilli görnüşlerini hödürleýär. Kompaniýanyň konditer hünärmenleri taýýarlaýan täsin tortlary bilen nusgawy görnüşlerden häzirki zaman geometrik dizaýnly süýjüliklere çenli müşderileriň iň ýokary isleg-talaplaryny durmuşa geçirmäge taýýardyr.

Sargyt bermek we geljekki tortuň özboluşly aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin müşderiler özleri üçin iň ýakynda bolan «Zyýat Hil» konditer dükanlaryna ýüz tutup bilerler:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş jaý toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06; (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Zyýat Hil» dükanlarynyň 150 manatdan az bolmadyk möçberde süýjülik sargyt eden müşderilere Aşgabadyň we Gökdepe etrabynyň çägine tölegsiz eltip berme hyzmatyny ýerine ýetirýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň