Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» ady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bäsleşigiň esasy maksady ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, düşünjelerini baýlaşdyrmakdan, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekden, ruhy-ahlak häsiýetlerini kämilleşdirmekden, zehinli ýaşlary ýetişdirmekden, olaryň eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik terbiýesini kämilleşdirmekden hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilýän işleriň gerimini has-da giňeltmekden ybaratdyr.
Çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşigine 4 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşik şu üç ugur boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda geçiriler:
– Türkmen milli oýunlary;
– Aýdym-saz we tans sungaty;
– Surat çekmek we amaly haşam sungaty.
Bäsleşik Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde 2025-nji ýylyň 29-njy martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününiň 4 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde geçiriler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Habarlaşmak üçin:
+993 (12) 57 18 57
tmyg.arkadag_shaheri@sanly.tm