Ýaz paslynyň gelmegi bilen köp adam jaýlaryny abatlamak ýa-da gurmak hakda alada edip başlaýar. Bu döwür jaýyň içini täzelemek, öýüňizde rahat we amatly gurşaw döretmek üçin ajaýyp pursatdyr. Şunuň bilen baglylykda, «Ak Gaýa» gurluşyk we bezeg serişdeleriniň dükany müşderilerine täze önümlerini hem-de abatlaýyş we gurluşyk işleri üçin harytlaryň täze toplumlaryny hödürleýär.
Söwda merkeziniň üç gatynda düýpli abatlaýyş, gurluşyk hem-de jaýyň içini täzelemek işleri üçin niýetlenen serişdeleriň we harytlaryň doly toplumy hödürlenýär. Alyjylar diwar kagyzlarynyň döwrebap toplumlaryny, dürli reňkli boýaglary, ýokary hilli laminatlary we keramiki plitalary saýlap bilerler. Şeýle hem dükanda santehnika enjamlary, gury gurluşyk garyndylary we abatlaýyş işleri üçin beýleki zerur serişdeler bardyr.
«Ak Gaýada» çyralaryň we lýustralaryň, mebelleriň we bezeg önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär. Bu ýerde hojalyk tehnikalary hem bardyr, bu bolsa alyjylara öý üçin ähli zerur zatlary bir ýerden satyn almaga mümkinçilik berýär.
Müşderilere amatlylyk üçin «Ak Gaýada» nagt we bank kartlary bilen tölemek mümkinçiligi döredilendir.
Dükanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88;
- sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: