Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2025-nji ýyl bütin taryhdaky iň maýyl ýyllaryň bäşligine girip biler

13:2224.03.2025
0
17673
2025-nji ýyl bütin taryhdaky iň maýyl ýyllaryň bäşligine girip biler
Surat: Pogoda.mail.ru

Üstümizdäki ýyl howa synlamalaryň tutuş taryhyndaky iň yssy ýyllaryň bäşligine girip biler. Bu barada Russiýanyň Howa gullugy merkeziniň ylmy ýolbaşçysy Roman Wilfand habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Hünärmeniň aýdyşy ýaly, soňky ýyllarda howada parnik gazlaryň toplanmagynyň artmagy netijesinde temperaturanyň ösüşi hasaba alynýar. Ony düzetmek bolsa, heniz başardanok. Galyberse-de, ummanyň temperaturasy hem örän ýokary bolmagynda galýar we atmosfera gurşawynyň ýagdaýyna täsir edýär.

Wilfandyň pikirine görä, şu ýylyň ikinji ýarymynda howanyň ýagdaýyna baha bermek bilen, onuň taryhdaky iň maýyl 5 ýylyň biri bolmak ähtimallygyny kesgitläp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň