Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow we BMG-niň Pakistandaky rezident utgaşdyryjysy Muhammet Ýahýa Yslamabatda akkreditlenen daşary ýurt diplomatlary üçin geçirilen brifinge ýolbaşçylyk etdiler. Çärede BMG-niň düzümleriniň Pakistanyň halkyna we Hökümetine goldaw bermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Ilçi A.Möwlamow öz çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň degişli düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk saklaýandygyny belledi. Türkmenistan dürli ugurlarda halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär. Ilçi Aşgabadyň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde we dünýä jemgyýetçiliginiň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmekde BMG-niň roluny güýçlendirmek üçin çykyş edýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, BMG-niň wekilleri bilim pudagynda alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler. Şeýle hem musson ýagyşlarynyň ýurduň ykdysadyýetine we oba hojalygyna edýän täsiri barada söhbet etdiler.