Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Black Star Burger» restoranlar zynjyry Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär

14:2129.06.2024
0
33531

«Black Star Burger» restoranlar zynjyry Türkmenistanda şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada «TASS» habar berýär.

«Kompaniýa howa menzillerinde, demir ýol menzillerinde, ýerasty geçelgelerde, seýilgählerde, sport meýdançalarynda we söwda merkezlerinde has köp nokatlary döretmegi maksat edinýär. Şeýle-de Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär» diýlip, çeşmede bellenilýär.

«Black Star Burger» restoranlar zynjyrynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistandaky şahamçanyň açylyşynyň 2024-nji ýylyň güýzünde bolmagyna garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Russiýanyň «Black Star Burger» restoranlar zynjyry 2016-njy ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda onuň ABŞ-da, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda hem-de Özbegistanda şahamçalary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň