Soňky habarlar

Arhiw

Ýeňillik bilen syýahat ediň: «Turkish Airlines» goşundysyny ýükläp alyň

10:2204.07.2024
0
9609

Syýahat etmegi meýilleşdirýärsiňizmi? «Turkish Airlines» mobil goşundysynyň kömegi bilen awiapetekleri bronlamak indi hasam ýeňil boldy.

Mobil goşundysyny smartfonuňyza ýa-da planşetiňize tölegsiz ýükläp alyň-da, bron sargydyňyzy islän wagtyňyz we islendik ýerde dolandyryň.

«Turkish Airlines» goşundysynyň kömegi bilen şulary ýerine ýetirip bolýar:

Awiapetekleri bronlamak. Gatnawlary tapyň, bahalary deňeşdiriň we özüňize möhüm seneler üçin petekleri bronlaň.

Sargydyňyzy dolandyryň. orun saýlaň, goşmaça nahar sargyt ediň, bron sargydyňyzy üýtgediň ýa-da goýbolsun ediň.

Gatnaw üçin hasaba alynmak. Onlaýn hasaba alynmany geçiň we telefonuňyza uçuş-gonuş talonyny alyň.

Gatnawyň ýagdaýyny yzarlamak. Howa gatnawyňyz baradaky uçuş wagty, garaşmaly wagt hem-de gonulýan wagt ýaly maglumatlary häzirki wagt hasabynda yzarlaň.

«Miles&Smiles»-dan miliňizi görmek. Mil balansyňyzy barlaň, olary uçuşlary bronlamak ýa-da hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak üçin peýdalanyň.

«Turkish Airlines» goşundysy tölegsiz ýükläp almak üçin Google Play we App Store internet dükanlarynda elýeterlidir.

Goşundyny şu gün ýükläp alyň we indiki syýahatyňyzy eýýämden meýilleşdirip başlaň!

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: G. Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • elektron poçta salgysy: askabatbıletsatıs@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň