Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Elektronika dünýäsi» dükanynda elektronika we hojalyk tehnikalaryna 50%-e çenli arzanladyş başlaýar

11:0305.07.2024
0
17674

«Elektronika dünýäsi» dükanynda elektronika we hojalyk tehnikalarynyň satuwynda uly göwrümli aksiýa başlaýar. Bu uly arzanladyş 7-nji iýuldan 31-nji awgusta çenli dowam eder.

Alyjylara smartfon, telewizor, sowadyjy we kir ýuwujy maşyn ýaly önümleriň köp sanly görnüşlerinde 50%-e çenli arzanladyş garaşýar. Dükanda «Samsung», «Bosch», «Hitachi», «Delonghi», «TCL», «Gorenje» we «Karcher» ýaly dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň önümleri hödürlenýär.

«Elektronika dünýäsi» özüne çekiji bahalardan başga-da birnäçe goşmaça peýdaly artykmaçlyklary hödürleýär. Müşderiler söwda edenlerinde harydyň tölegini nagt we nagt däl görnüşde amatly töleg şertleri arkaly töläp bilerler. Aşgabadyň ýaşaýjylary üçin bolsa kiçi göwrümli enjamlar tölegsiz eltilip berilýär.

Bu ýerde hyzmatyň hiline aýratyn üns berilýär. Dükanyň başarnykly işgärleri müşderilere iň amatly enjamlary saýlamakda ýardam bermäge taýýardyrlar. Satyn alnan harytlaryň ählisine kepillik hyzmatynyň üpjün edilýändigini hem bellemek gerek.

Aksiýa çäresiniň çäklerinde elektron tehnikalary ulanmak boýunça hünärmeniň ussatlyk sapagy hem meýilleşdirilýär. Munuň özi alyjylara satyn alýan enjamlary barada goşmaça zerur zatlary bilmäge mümkinçilik berer.

«Elektronika dünýäsi» dükany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan köçesi, 183-nji jaý.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 60) 14 22 53, (+993 64) 16 64 91;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň