Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew žurnalistleri döwlet gullukçysy bolmaga çagyrdy

08:3029.06.2024
0
8557
Tokaýew žurnalistleri döwlet gullukçysy bolmaga çagyrdy
Surat: tengrinews.kz

Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Gazagystanyň durmuşyna uly täsir edýärler. Bu barada Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Akordada beýanat berdi. Ol hünär baýramçylygynyň öňýanynda gazak žurnalistlerine ýüzlendi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Tokaýew öz çykyşynda deputatlar bilen žurnalistleriň işini deňeşdirdi. Olaryň ikisi-de Gazagystanyň bähbitlerini goraýarlar, halka gulluk edýärler we ilatyň ynamyndan peýdalanýarlar.

Gazagystanyň döwlet Baştutany şeýle hem döwletiň syýasatyny ilata düşündirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hyzmatyna ýokary baha berdi. «Şonuň üçin öz kärini döwlet gullukçylygy bilen baglanyşdyran ýa-da muny isleýän kärdeşleriňiz öz güýjüni bu ugurda doly durmuşa geçirip bilerler» diýip, Tokaýew nygtady.

Duşuşyk tamamlanandan soňra Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň žurnalistlerine we telewideniýe işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň