Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Sony», «Universal» we «Warner» emeli aň ulgamyndaky startaplaryň üstünden kazyýete arz etdi

16:4925.06.2024
0
8585
«Sony», «Universal» we «Warner» emeli aň ulgamyndaky startaplaryň üstünden kazyýete arz etdi
Surat: ren.tv

«Sony Music», «Universal Music Group» we «Warner Records» saz ýazyjy studiýalar emeli aň ulgamyndaky startaplar bolan «Suno» we «Udio» kompaniýalarynyň üstünden kazyýete ýüz tutdy. Olar awtorlyk hukugynyň bozulmagynda aýyplanýar diýip, «New York Post» gazetine salgylanýan «Ren.tv» habar berdi.

Studiýanyň hukukçylary bu ady agzalan startaplardan peýdalanyjylaryň meşhur saz kompozisiýalaryň birgidenini täze saz eserini döretmek üçin peýdalanýandyklaryny aýdýarlar. Olaryň arasynda «The Temptations» toparynyň «My Girl», aýdymçy zenan Meraýýa Keriniň «All I Want for Christmas Is You» we Jeýms Braunyň «I Got You» aýdymlary bar. Şeýle hem olara emeli aňyň kömegi bilen Maýkl Jeksonyň, Brýus Springstiniň hem-de ABBA toparynyň seslerini dikeltmek başardypdyr.

Studiýalar indi bu startaplardan her nusgalanan aýdym üçin 150 müň dollar möçberde öweztölegini talap edýärler.

Arzçylaryň pikiriçe, «Suno» startapy 662 aýdymy we «Udio» 1670 aýdymy nusgalapdyr.

«New York Post» gazetiniň maglumatlaryna görä, bu emeli aňy peýdalanyp, saz döretmek bilen meşgullanýan kompaniýalaryň garşysyna ilkinji kazyýet şikaýatydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň