Belarussiýanyň Merkezi saýlaw topary Respublikanyň häzirki Baştutany Aleksandr Lukaşenkony ýurduň öňde duran Prezident saýlawlarynda dalaşgär hökmünde bellige aldy.
Bu barada Respublikanyň Merkezi saýlaw toparynyň «Telegram» - ýaýlymyna salgylanýan « Regnum.ru» ýazýar.
Başlangyjyň tarapdarlary häzirki döwlet Baştutanynyň saýlawlara gatnaşmagyny goldaýan gollaryň 2,5 milliondan gowragyny topladylar.
Prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda bolmaly.
Öň Merkezi saýlaw topary öňde duran saýlawlara bäş dalaşgäri bellige aldy, olar Liberal-demokratik partiýanyň ýolbaşçysy Oleg Gaýdukewiç, Respublikan Zähmet we adalat partiýasynyň lideri Aleksandr Hižnýak, Belarussiýanyň Kommunistik partiýasynyň MK-niň birinji sekretary Sergeý Syrankow we öňki Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik eden telekeçi Anna Kanopaskaýadyr.