Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

12:2814.06.2024
0
14641

12-nji iýunda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleri we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanan çäreler öz işine başlady. Ýapon halkyny türkmen medeniýeti, sungaty, edebiýaty bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur alyp, ýurduň edebiýat, sungat ussatlaryndan, alymlardan ybarat bolan uly düzümdäki wekiliýeti Tokio şäherine geldi diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýapon paýtagtynda ýerleşýän «Okura Tokyo» myhmanhanasynyň «Orçard» konsert merkezinde Türkmenistanyň bu ýurtdaky Medeniýet günleriniň hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanan çäreleriň açylyş dabarasy boldy. Onuň öňüsyrasynda gürrüňi edilýän konsert merkeziniň eýwanynda Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Oňa gatnaşyjylar bu ýerde görkezilýän eserlere we gelin-gyzlarymyzyň el hünärleriniň önümi bolan milli egin-eşiklerimize uly gyzyklanma bildirdiler.
Soňra Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň işine badalga berildi. Bu medeni çärä Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň Kätipliginiň başlygy Şimpeý Matsuşita, Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament meseleleri boýunça orunbasary Komura Masahiro, ýerli ministrlikleriň ýolbaşçylary we wekilleri, iri kompaniýalaryň prezidentleri, dünýä döwletleriniň bu ýurtdaky ilçileri, olaryň maşgalalary, köp sanly ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň Kätipliginiň başlygy Şimpeý Matsuşita bu ýerde eden çykyşynda ýapon tarapynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky tagallalaryna aýratyn üns çekildi. Ş.Matsuşita Türkmenistan bilen dürli ugurlarda, şol sanda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mydama taýýardyklaryny beýan etdi.
Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda edilen çykyşlardan soň, bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary türkmen hem ýapon dillerinde aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. «Orçard» konsert merkezinde ýaňlanan aýdym-sazlardan soňra, türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň