Top.Mail.Ru

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we koreý Lideriniň maşgalalary “Arkadag” myhmanhanasynda guralan sergini synladylar

10:3812.06.2024
0
11132

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatdaky “Arkadag” myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.

Şeýle-de Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň sapar wagty ýanynda bolýan maşgalasy üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Myhman türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy bilen myhmanhananyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, sergide ajaýyp el halylary, amaly-haşam we şekillendiriş sungaty eserleri, şaý-sepler, el işleriniň nusgalary, muzeý gymmatlyklary görkezildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa koreý Lideriniň maşgalasy Kim Kon-Hine gadymy taryhy bolan milli halyçylyk sungatynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Myhman dünýä meşhur halylary döredýän türkmen zenanlarynyň ussatlygyna haýran galýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalalary zenan lybaslarynyň görkezilişini hem synladylar. Bu lybaslarda gadymy milli däpler häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Görkeziliş Modeller öýi tarapyndan taýýarlanyldy.

Ikitaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soňra, sergini synlamaga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol hem geldiler. Bu ýerde ajaýyp ahalteke bedewi we türkmen alabaýy şekillendirilen uly göwrümli surat eseri görkezildi. Gahryman Arkadag suraty synlap, behişdi bedewleriň hem-de alabaýlaryň türkmen halkynyň milli mirasy bolmak bilen, halkyň buýsanjy, wepaly dostlary, hemrasydygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Koreýa Respublikasynyň Baştutanyna mizemez türkmen-koreý dostlugynyň nyşany hökmünde iki sany alabaýy sowgat berdi. Belent mertebeli myhman Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, bu sowgada däp bolan döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň