Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Almaty şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi

09:1820.05.2024
0
8467

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy tarapyndan Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat guraldy.

Bu çäre 17-nji maýda Almatyda Gazagystan Respublikasynyň Al-Farabi adyndaky gazak milli uniwersitetiniň kitaphanasynda geçirildi.

Türkmen ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, halkara maslahat Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenýän gazak alymlary, meşhur ýazyjylar hem-de filologlar gatnaşdylar.

Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň özboluşly döredijiligi bilen has giň halkara jemgyýetçiligini tanyşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Bu dünýä edebiýatynyň altyn gaznasyna goşulan akyldar şahyryň baý we bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Çeşmede bellenilişine görä, maslahatyň çäginde Türkmenistanyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi guraldy. Sergide Magtymguly Pyragynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary köpçülige tanyşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň