Türkmenistanda halkara derejeli awiasiýa hünärmenleri taýýarlanylar

07:1511.05.2024
1
23687

Nobatdaky Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy (ECAC) tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu halkara okuwlaryň ýola goýulmagy bilen, diňe türkmen hünärmenlerini däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenleri-de taýýarlamaga mümkinçilik dörediler. Munuň özi bu mekdebiň halkara standartlara laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary berkitmegiň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini belledi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy tarapyndan okuwlary guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň