Gresiýanyň «Olimpiakos» kluby Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň ýarym finalynyň jogap oýnunda Angliýanyň «Aston Willasyny» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi hem-de ýaryşyň finalyna ýollanma aldy. Oýun Pireý şäherinde geçirildi.
Duşuşykdaky gollaryň ikisi hem Aýub El-Kaabi (10, 79) tarapyndan derwezä gönükdirildi. Toparlaryň arasyndaky Birmingemde geçirilen deslapky oýun hem 2:4 hasabynda «Olimpiakosyň» peýdasyna tamamlanypdy.
«Olimpiakos» finalda Italiýanyň «Fiorentina» topary bilen güýç synanyşar. «Fiorentina» ýarym finalda Belgiýanyň «Brýugge» toparyny iki oýnuň jemine görä (3:2, 1:1) ýaryşdan çykardy.
Ýaryşyň şu ýylky finaly 29-njy maýda Afina şäherinde geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, «Olimpiakos» UEFA tarapyndan geçirilýän Ýewropanyň klublarynyň arasyndaky ýaryşlarda finala çykan ikinji grek klubudyr. Mundan ozal «Panatinaikos» 1971-nji ýylda Ýewropanyň çempionlarynyň kubogynyň (häzirki ÝÇL) finalynda Niderlandlaryň «Aýaksy» bilen duşuşyp, 2:0 hasabynda asgyn gelipdi.